Busefal, Bukefal ýa-da Bugahal, grekçe “Βουκεφάλας”, sözme-söz terjimesi: “Öküz kelleli” biziň eýýamymyzdan öň, 355-326 ýyllar töweregi Aleksandr Makedonskiniň söýgüli aty bolupdyr. Onuň adyna dürli-dürli düşündiriş berlipdir. Käbir maglumatlara görä, onuň boýy 140 sm. ýetipdir, kellesi-de öküziň kellesine çalymdaş bolupdyr. Beýleki bir maglumata görä, onuň reňki gara bolup, maňlaýyndaky depeli ony öküze meňzedipdir. Başga bir rowaýata görä bolsa, Busefal kellesindäki şaha meňzeş süňk ösüntgisi sebäpli bu ada eýe bolupdyr. Şeýle hem köplenç barlag geçirijiler onuň alahekigiňkä meňzeş gözüniň bolandygyny belläp geçýärler.
Gadymy awtorlar bu meşhur atyň 30 ýyl ýaşandygyny aýdýarlar. Dünýä belli syýahatçy Marko Polonyň Badahşana syýahaty döwründe ýazan ýazgylaryna görä, Busefal Nusaý atlaryna degişli bolupdyr. Şeýle hem Marko Polo Busefalyň Aziýanyň tohum atlarynyň nesilbaşysydygyny tassyklaýar.
Bu aty makedon şasy Filipp II fessally söwdagär Filonik şol döwrüň ägirt uly bahasyna – 13 talanta (çen bilen 340 kilogram kümşe) hödürläpdir. Sarç ata hiç kimiň baş öwredip bilmänligine görä, şa ony satyn almakdan ýüz dönderipdir. Şol mahal kakasynyň ýanynda duran Aleksandr bu ata baş öwredip bilmese, bahasyny tölejekdigine söz beripdir. Plutarhyň ýazmagyna görä, Aleksandr Makedonskiý 10 ýaşyndaka, özdiýenli sarç ata baş öwreden ýeke-täk adam bolupdyr.
Bu barada Plutarh şeýle ýazýar: “Aleksandr dessine ata bakan ýüwrüp baryp, oňa uýan geýdirýär we tumşugyny Güne tutýar, görnüşine görä, ol öz öňündäki hereket edýän kölegäni görüp, atyň ürkýändigini aňan bolmaly. Aleksandr birnäçe wagtlap atyň ýalyny sypalap, gapdalyndan ylgaýar. Ol Busefalyň ýuwaşandygyny aňyp, demini dürseýär we ýapynjasyny taşlap, ýeňillik bilen ata böküp münýär. Ilki bilen, jylawy çalaja çekip, Busefala zyýan ýetirmän ony saklaýar. Haçan-da, Aleksandr atyň gylygynyň hiç hili howp abandyrman, öňe okdurylýandygyny görüp, ony öz erkine goýberýär we hatda gaty gygyryp, debsiläp gyssaýar. Filipp we onuň emeldarlary howsala düşüp dymýarlar, ýöne Aleksandr aty buýsanç bilen yzyna öwrüp, olara bakan gönügende, hemmeler şowhunly gygyryşyp başlaýarlar. Aýdyşlaryna görä, atasy şatlykdan gözüne ýaş aýlap, atdan syrygyp düşen ogluny gujaklap, şeýle diýýär: “Oglum, özüňe şalyk gözle, çünki Makedoniýa saňa juda kiçi bolýar!”.
Aleksandr Aziýa ýörişinde bu aty münüpdir, ýöne ony aýap saklap, howply ýagdaýlarda başga atlardan peýdalanypdyr. Köp sanly awtorlaryň bellemegine görä, Busefal biziň eýýamymyzdan öň, 326-njy ýylda hindi şasy Porom bilen bolan gapma-garşylykda ýaradar bolupdyr.
Aleksandr Makedonskiý tarapyndan biziň eýýamymyzdan öň, 326-njy ýylda esaslandyrylyp, öz atynyň hormatyna Busefal diýlip atlandyrylan şäher häzirki wagtda Pakistanyň çäklerindäki Jalalpur şäheridir. Ol ýerde şol döwürlerden galan ýadygärlikleriň galyndylary saklanyp galypdyr.
Taýýarlan Sumbar Alyşirow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.