Bra­zi­li­ýa­nyň Ama­zon­ka to­kaý­la­ry­nyň ça­pyl­ma­gy, se­bi­tiň tem­pe­ra­tu­ra­sy­na öň pi­kir edi­li­şin­den has uly tä­sir ed­ýär. Gu­rak­çy­lyk­dan we aşa ys­sy­dan ejir çek­ýän Ma­tu-Gros­syň oba ho­ja­ly­gy mer­ke­zin­de, 2050-nji ýy­la çen­li to­kaý­la­ryň ça­pyl­ma­gy soň­ky ýyl­lar­da­ky ýa­ly çalt dep­gin­de do­wam et­se, ho­wa has-da ys­sy bo­lar. Mu­ny tä­ze ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri su­but ed­ýär.
“Procee­dings of the Na­tio­nal Acade­my of Sciences” žur­na­lyn­da çap edi­len ma­ka­la­da Ama­zo­nyň to­kaý­la­ry­nyň ça­pyl­ma­gy­nyň 60 mi­le çen­li (tak­my­nan 100 km) ara­ly­gyň gyz­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ça­pyl­ýan to­kaý­la­ryň ge­ri­mi nä­çe giň bol­sa, şon­ça-da tem­pe­ra­tu­ra ýo­ka­ry bol­ýar. Bu ýag­daý glo­bal ýy­ly­lyk bi­len bir­lik­de, ho­wa şert­le­ri­ne goş­ma­ça tä­sir ed­ýär.
Lids uni­wer­si­te­ti­niň aly­my Do­mi­nik Sprak­le­niň pi­ki­ri­çe, her bir agaç, or­ta­ça, 2,5 kWt kuw­wat­ly­ly­gy bo­lan do­ly güý­jün­de iş­le­ýän iki-üç so­wa­dy­ja deň­dir. Bu, be­de­niň gyz­gyn­ly­gy­ny pe­selt­mek üçin adam­dan bö­lü­nip çyk­ýan de­re ga­ty meň­zeş bo­lup, bu­gar­ma­gyň ha­sa­by­na bo­lup geç­ýär. To­kaý­la­ry kes­me­giň tä­si­ri­niň ga­ra­şyl­ýan­dan has zy­ýan­ly­dy­gy­ny bel­län alym, ge­ti­ril­ýän san­la­ryň adam­la­ryň has kö­pü­si­ni to­kaý ýer­le­ri­ni go­ra­ma­ga ynan­dyr­jak­dy­gy­na umyt bil­dir­di.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar Ama­zo­nyň dur­nuk­ly ho­wa­sy­ny sak­la­mak üçin äh­mi­ýe­ti­ni su­but ed­ýär. Şu ýy­lyň ba­şyn­da ne­şir edi­len baş­ga bir ma­ka­la­da to­kaý­la­ryň ça­pyl­ma­gy­nyň yga­lyň muk­da­ry­ny 125 mil (200 km) çen­li azal­dan­dy­gy aý­dyl­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da ge­çi­ri­len has gi­ňiş­le­ýin bar­lag­lar Ama­zo­nyň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň mus­son­la­ry­nyň paý­lan­ma­gy­na tä­sir ed­ýän­di­gi­ni we to­kaý­la­ryň ýok edil­me­gi se­bit­de ýa­gyş muk­da­ry­ny 30% azal­dyp, azyk önüm­çi­li­gi­ni agyr ne­ti­je­le­re du­çar ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­di.