6-njy no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Güm­rük mü­dir­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň türk­men-eý­ran döw­let ser­he­din­de ýer­leş­ýän «Sa­rahs-Sa­rahs» gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýe­rin­de iş du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şyk­da, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň 2023-nji ýy­lyň 30-njy ma­ýyn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len türk­men-eý­ran gep­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Güm­rük mü­dir­li­gi­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de çuň­laş­dy­ryl­ma­gy we gi­ňel­dil­me­gi bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­riň 2023-2024-nji ýyl­lar üçin Me­ýil­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi hem-de göz öňün­de tu­tul­ýan çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şeý­le hem, ta­rap­lar türk­men we eý­ran ser­he­din­de he­re­ket ed­ýän güm­rük no­ka­dyn­da güm­rük gö­zeg­çi­li­gi­niň gu­ra­ly­şy, ha­ryt­la­ryň bar­la­gy we bu ugur­da ula­nyl­ýan en­jam­lar, res­mi­leş­di­riş iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy we san­ly ul­ga­myň ula­ny­ly­şy, güm­rük ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­la­ry­na gar­şy gö­reş ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler we beý­le­ki bar bo­lan tej­ri­be­ler, şeý­le hem de­mir­ýol hem-de aw­to­mo­bil ulag­la­ryn­da ýük­ler da­şa­lan­da güm­rük we lo­gis­ti­ka hyz­mat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi bi­len bi­rek-bi­re­gi ýa­kyn­dan ta­nyş­dyr­dy­lar.