Di­ýa­ry­myz­da soň­ky iki ýyl­da ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­nyň göz­le­nil­me­gi we öz­leş­di­ril­me­gi bi­len, ne­bi­tiň we te­bi­gy ga­zyň goş­ma­ça möç­be­ri­ni çy­kar­mak iş­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len mil­li ma­ýa go­ýum­la­ryň ha­sa­by­na “Türk­men­ne­bit” we “Türk­men­gaz” döw­let kon­sern­le­ri ta­ra­pyn­dan te­bi­gy ga­zyň, gaz kon­den­sa­ty­nyň goş­ma­ça möç­be­ri­ni çy­kar­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len de­giş­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de “Tag­ta­ba­zar — 1” gaz kä­nin­dä­ki 29 bel­gi­li gu­ýu­dan se­na­gat äh­mi­ýet­li kü­kürt­siz gaz aky­my alyn­dy. Gu­ýy­nyň önüm be­ri­ji­li­gi bir gi­je-gün­diz­de 226,4 müň kub­metr te­bi­gy ga­za we 6,04 ton­na gaz kon­den­sa­ty­na deň­dir. Şeý­le hem “Uzy­na­da” kä­nin­de ga­zuw iş­le­ri üs­tün­lik­li ta­mam­la­nyp, bu kän­den her bi­ri­niň önüm be­ri­ji­li­gi bir gi­je-gün­diz­de or­ta­ça 60 ton­na­dan gow­rak bo­lan üç gu­ýu­dan gaz kon­den­sat aky­my alyn­dy. “Uzy­na­da” kä­nin­de ge­çi­ri­len ga­zuw iş­le­ri­niň ne­ti­je­si Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň 2022-nji ýy­lyň 13-nji ýan­wa­ryn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da be­ren gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry­nyň öz oňyn be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir.
Şeý­le hem “Türk­men­geo­lo­gi­ýa” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan “Gal­ky­nyş” gaz kä­nin­dä­ki 312 bel­gi­li gu­ýu­da ga­zuw iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, te­bi­gy gaz aky­my alyn­dy. Bu gu­ýy­nyň önüm be­ri­ji­li­gi bir gi­je-gün­diz­de ma­wy ýan­gy­jyň 1,7 mil­li­on kub­met­ri­ne deň bo­lup, bu gör­ke­zi­ji­niň has-da art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy eko­lo­gik taý­dan aras­sa döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar. Bu stra­te­gik we­zi­pä­ni çöz­mek­de “Gal­ky­nyş” gaz kä­ni­niň mun­dan beý­läk-de tap­gyr­la­ýyn öz­leş­di­ril­me­gi­ne uly orun de­giş­li­dir. Te­bi­gy ga­zyň dü­zü­min­de tur­şy kom­po­nent­le­riň (kü­kürt­wo­do­ro­dyň we kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň) köp muk­dar­da bol­ma­gy bu gaz kä­ni­niň aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de ug­le­wo­do­rod se­riş­de­si­ni aras­sa­la­mak, şeý­le hem ha­ryt­lyk ga­zy al­mak we kü­kürt­wo­do­ro­dy gaý­ta­dan iş­läp, kü­kürt ön­dür­mek üçin döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän top­lum­lar gu­rul­dy.
Şeý­le­lik­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer.