Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Şol wakalarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly çärelere-de uly orun degişlidir.
Häzirki wagtda beýik şahyrymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanan edebiýat agşamlary, şahyryň şygyrlaryndan çeper okaýyşlar, onuň eserleriniň sergileri guralýar. Ýazyjy-şahyrlar bilen geçirilýän duşuşyklarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda täsirli söhbet edilýär.
Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda şeýle belleýär: «Bu toprakda köp asyrlaryň dowamynda türki halklaryň aňyýetiniň ösüşini kesgitlän «Gorkut ata» we «Görogly» gahrymançylyk şadessanlary döräpdir, beýik akyldar Magtymguly Pyragy we milli edebiýatymyzyň beýleki nusgawy şahyrlary ajaýyp eserleri döredipdirler». Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde pähim-paýhas ummanyna deňelýän dana şahyrymyza şekillendiriş sungatynyň Y.Gylyjow, Ý.Annanurow, D.Baýramow, A.Almämmedow ýaly ussatlary hem öz döredijiliginden giň orun beripdirler.
Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasyna Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn hormat goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygry bolsa akyldar şahyra edebiýat dünýäsinde dikilen ýadygärlikleriň belendidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly ajaýyp eserleri Magtymgulynyň edebi mirasyny, çeper döredijiligini öwrenmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýan edilýän gymmatly pikirler milletiň mukaddes ruhy hazynasyny şöhlelendirip, nesilleriň ýörelgesine öwrülip galan öwüt-nesihatlar umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyp gidýär.
Akyldar şahyrymyzyň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary ýaş nesli mynasyp terbiýelemek baradaky aladalara ýugrulandyr.
Yzzat, hormat, syn etmegin,
Görüm görülmegen ýerde;
Akyl bolsaň, söz aýtmagyn
Nobat berilmegen ýerde!
Şahyryň goşgulary nesil terbiýesinde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup, olarda halal ýaşamak pikiri eriş-argaç bolup geçýär. Magtymgulynyň ýöredýän terbiýeçilik pikirleri biri-birleri bilen sazlaşyp, sepleşip gidýär. Akyldaryň şeýle pikirleriniň biri-de kesp-kär, hünär öwrenmek meselesi bilen baglanyşyklydyr. Şahyr öz döredijiliginde jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleriň hemmesine ýüzlenip, dogry ýoly salgy berýär. Agzybir türkmen döwletini gurmak, oňa guwanmak we buýsanmak, mukaddes topragy, ata Watany söýmek, beýleki halklaryň wekilleri bilen dost-dogan bolup ýaşamak, ata-enäni hormatlamak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, mätäje kömek-goldaw bermek, öten-geçenleriň, ata-babalaryň hatyrasyna sadaka bermek, ylymly-bilimli, edepli-ekramly bolmak, ynsanperwerlik, söýgi, ynsan mertebesi, maşgala terbiýesi, sagdyn durmuşy alyp barmak ýaly meseleler şahyryň döredijiliginde esasy orun eýeleýär.
Magtymguly, dogry söýle,
Ömrüň gelip, geçer beýle,
Zynhar, ýaşulyňy syla,
Baş göre girmesden burun!
Şahyryň her bir goşgusy halk terbiýesi bilen ýiti baglanyşykly bolup, belent akyl-paýhasy özünde jemleýär. Täze taryhy eýýamda nusgawy şahyryň mertebesi has-da belende göterilýär. Gündogaryň beýik akyldaryny dünýä ýüzi tanaýar. Şahyryň döredijiligi dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredip, eserleriniň aglabasy doganlyk halklaryň dillerine terjime edilýär. Beýik söz ussadynyň golýazmalarynyň uly toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi bilen akyldar şahyryň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty öňküden-de artar, çuň many-mazmuna ýugrulan şygyrlarynyň örüsi has-da giňäp, dünýä dillerinde aýdym bolup ýaňlanar.
Gülnur MERGENOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.