17-nji no­ýabr­da Azer­baý­ja­nyň mil­li Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mu­ham­met Fi­zu­ly adyn­da­ky Gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň mej­lis­ler za­lyn­da Gün­do­ga­ryň nus­ga­wy şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Mas­la­ha­tyň işi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gär­le­ri, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry, Azer­baý­ja­nyň mil­li Ylym­lar Aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ny­za­my Gen­je­wi adyn­da­ky ede­bi­ýat ins­ti­tu­ty­nyň we Mu­ham­met Fi­zu­ly adyn­da­ky Gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem alym­la­ry gat­naş­dy­lar. Du­şu­şyk­da Azer­baý­ja­nyň Mil­li Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Isa Ha­bi­beý­li, Türk­me­nis­ta­nyň Azer­baý­jan­da­ky il­çi­si G.El­ýa­sow, türk­men we azer­baý­jan alym­la­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi, onuň eser­le­ri­niň umu­ma­dam­zat de­re­je­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti ba­ra­da çy­kyş et­di­ler.
Çä­rä­niň do­wa­myn­da Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi­niň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ba­ra­da su­ra­ta dü­şü­ri­len “Ha­kyň gu­ly – Mag­tym­gu­ly” at­ly çe­per fil­mi gör­ke­zil­di.
Hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň saý­la­nan eser­le­ri­niň azer­baý­jan di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.