2024-nji ýylda suwdan aşakdaky bölegi 4 metrden gowrak bolan gämiler Wolga-Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow «Ulag hepdesi 2023» forumynyň çägindäki «Russiýa 2035: täze ulag ykdysadyýetine tarap» atly plenar mejlisinde aýtdy.
— Bu — köp zähmeti, belki-de bu bölümdäki ähli güýji talap edýän işleriň uly toplumy. Emma kanalyň özi ýurtdaky ýük akymynyň ykdysadyýetini düýpgöter üýtgeder. Eýýäm ýük daşaýjylar bu ugur boýunça Eýrana haryt iberip başlamak üçin nobata durýarlar — diýip, ol belledi. «Росморпорт» (Russiýanyň deňiz porty) Federal döwlet unitar kärhanasynyň baş direktory Sergeý Pyliniň sözlerine görä, Wolga—Hazar deňzi gämi kanalynyň düýbüni çuňlaşdyrmak işleriniň çäklerinde 10 million kubmetrden gowrak toprak göterilipdir. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu işe dürli görnüşdäki gämileriň 18-si gatnaşypdyr.
— Öňki tapgyrlarda şeýle işleriň göwrümi, takmynan, 3 million kubmetr bolup, geçen ýyl 5 million kubmetre ýetdi. Gazuw işleriniň güýçlendirilmeginiň esasy sebäbi bolsa Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi bilen baglydyr. Ol her ýyl ortaça 20 santimetr aşak düşýär — diýip, Pylin nygtaýar.
Geçirilen işleriň täsiri Astrahan sebitiniň Senagat, söwda we energiýa ministrliginde-de duýuldy. Bu ýerde 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýanyň Hazar basseýnindäki ýük portlarynyň ýük dolanyşygynyň ýokarlanandygy hem bellenip geçildi. Astrahan portlarynda bu işiň ösüş depgini 58%, Olýa portunda 15%, Mahaçkala portunda bolsa 18% boldy. Gämi dolanyşygy 87% ýokarlandy. Kuwwatyny artdyrmak üçin Wolga—Hazar deňzi gämi kanalynyň durkunyň täzelenmeginiň 2027-nji ýyla çenli meýilleşdirilendigi bellenýär. Bu barada awtoulag.gov.tm habar berilýär.