20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şunda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça okgunly we yzygiderli görnüşde ösýändigi bellenildi.
Taraplar Iş toparynyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler, şeýle hem bu babatda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.