20-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da­ky Il­çi­si B.Dur­dy­ýew Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ana­li­ti­ki mer­kez­le­ri­niň fo­ru­my­ny dö­ret­mä­ge ba­gyş­la­nan te­ge­lek sto­luň mej­li­si­ne gat­naş­dy.
Bu çä­re Mer­ke­zi Azi­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky Hyz­mat­daş­lyk Fo­ru­my­nyň Sek­re­ta­ria­ty ta­ra­pyn­dan gur­nal­dy we oňa Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da akk­re­di­tir­le­nen Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň yl­my we­kil­le­ri we bi­ler­men­ler to­par­la­ry gat­naş­dy­lar.
Çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ry­nyň do­wa­myn­da gep­le­şik­ler üçin dia­lo­gyň dö­re­dil­me­gi we onuň çäk­le­rin­de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ana­li­ti­ki mer­kez­le­ri­niň hem-de bi­ler­men­le­riň hyz­mat­daş­ly­gy hä­zir­ki­za­man me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin gel­je­gi uly bo­lan tä­ze ugur­la­ry tap­mak­da mö­hüm ädim bol­jak­dy­gy­ny bel­len­di.
Şeý­le hem du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar 2023-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len “Mer­ke­zi Azi­ýa – Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy” at­ly 16-njy hyz­mat­daş­lyk Fo­ru­my­nyň ne­ti­je­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da Fo­ru­myň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň “MA-KR” for­ma­tyn­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň we hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gy­na mö­hüm go­şant go­şan­dy­gy nyg­tal­dy.
Te­ge­lek sto­luň mej­li­si­niň ne­ti­je­sin­de Mer­ke­zi Azi­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ana­li­ti­ki mer­kez­le­riň fo­ru­my­nyň işi­niň baş­lan­dy­gy ba­ra­da Bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma ka­bul edil­di. Şeý­le hem il­kin­ji fo­ru­myň in­di­ki ýyl Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di.