21-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy.
Taraplar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen oňyn we birek-birege ynanyşmak dialogyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlar boýunça özara pikir alyşyldy. Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi bellendi.
Aýratyn üns medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine berildi. Şu nukdaýnazardan, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.