Türk­me­nis­tan­da ýur­duň öňen­de bi­ti­ren aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry üçin şah­sy pen­si­ýa bel­le­mek mak­sa­dy bi­len, Pen­si­ýa­la­ry we döw­let kö­mek pul­la­ry­ny bel­le­me­giň hem-de ola­ryň möç­ber­le­ri­ni gaý­ta­dan ha­sap­la­ma­gyň ter­ti­bi­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­ri­zil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nist­ri ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len de­giş­li Buý­ruk Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň hu­kuk mag­lu­mat­lar por­ta­lyn­da çap edil­di.
Üýt­get­me­le­re la­ýyk­lyk­da, şah­sy pen­si­ýa­nyň bir aý­lyk möç­be­ri pen­si­ýa­nyň iň pes möç­be­ri­ni kes­git­le­mek üçin bel­le­nil­ýän bin­ýat­lyk ulu­ly­gyň 20 (ýig­ri­mi) es­se­si möç­be­rin­de bel­le­nil­ýär.
Res­mi­na­ma­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şah­sy pen­si­ýa köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da yh­las­ly, ha­lal zäh­met çe­kip, döw­le­tiň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ro­waç­lan­ma­gy­na, jem­gy­ýe­tiň we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi­ne, ýur­duň go­ran­mak uky­by­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, howp­suz­ly­gyň, jem­gy­ýet­çi­lik we hu­kuk ter­ti­bi­niň, ka­nun­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne aý­ra­tyn go­şant go­şan, Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen ada ýa-da (we) Türk­me­nis­ta­nyň bir­nä­çe beý­le­ki döw­let sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan, Türk­me­nis­ta­nyň 62 ýa­şy do­lan er­kek ra­ýat­la­ry­na, 57 ýa­şy do­lan ze­nan ra­ýat­la­ry­na bel­le­nil­ýär.
Şah­sy pen­si­ýa bel­le­nil­me­gi üçin de­giş­li döw­let sy­lag­la­ry­nyň bar­dy­gy ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­lar hem-de to­wak­ga­na­ma bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne ýüz tut­ma­ly. Pen­si­ýa­ny bel­le­mek ba­ra­da­ky çöz­güt Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Şah­sy pen­si­ýa­la­ry bel­le­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te to­par ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­ýär.
Şah­sy pen­si­ýa Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­di­ri­lip, ol Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky bi­len yla­laş­mak esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pen­si­ýa gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len ter­tip­de bank­la­ryň üs­ti bi­len tö­le­nil­ýär.
Şah­sy pen­si­ýa­nyň bel­le­nil­me­gi ba­ra­da­ky has gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­lar bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň res­mi saý­tyn­da tan­şyp bi­ler­si­ňiz.