Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Çže In öňümizdäki aýlarda birnäçe daşary ýurt saparyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada ýurduň resmi habarlar gullugy “Yonhap” habar berýär. Ýurduň Prezidenti, ilki bilen, 6-7-nji sentýabrda Russiýada geçiriljek Gündogar ykdysady foruma gatnaşar we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar. Bu ýokary derejedäki rus-koreý duşuşygy ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat eder we Günorta Koreýanyň telekeçilerine Russiýada täze işewürlik mümkinçilikleriniň öňüni açar.
Şondan soňra şu ýylyň 18-nji sentýabrynda Koreýanyň Prezideni ABŞ-a gider. Ol bu ýerde 19-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň işine gatnaşar. Noýabr aýynda bolsa, Wýetnamda saparda bolup, şol aýyň 10-11-i aralygynda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar.