Şu gün Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki “Sport” myh­man­ha­na­syn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV Dün­ýä çem­pio­na­ty­na ba­gyş­la­nan me­dia fo­ru­my ge­çi­ril­di. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­na ba­gyş­la­nan bu me­dia fo­ru­ma Hal­ka­ra Ku­raş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Haý­dar Fer­man, Hal­ka­ra Ku­raş As­so­sia­si­ýa­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Mu­ham­met Re­za Nas­si­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry An­na­sä­het Ka­ka­ýew, şeý­le hem ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy.
Hal­ka­ra Ku­raş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Haý­dar Fer­man me­dia fo­ru­myn­da eden çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­tan­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň äh­li gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­nat­la­ryň ara­syn­da iň ab­raý­ly­sy bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Ol Aş­ga­ba­dyň bu iri hal­ka­ra sport ýa­ry­şy­ny gu­ra­ma­ga do­ly taý­ýar­dy­gy­ny bel­läp, di­ňe bir ku­raş däl, eý­sem dür­li de­re­je­dä­ki hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň äh­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe­di­gi­ni bel­le­di.
Haý­dar Fer­man Türk­me­nis­tan­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty­na 53-den gow­rak döw­let­den 243-den gow­rak tür­ge­niň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bu gör­ke­zi­ji­niň mun­dan ozal Hin­dis­tan­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­dan gör­ne­tin köp­dü­gi­ni bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä çem­pio­na­ty üçin äh­li ze­rur şert­le­ri dö­re­den­di­gi­ni bel­län Haý­dar Fer­man mu­nuň üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne özü­niň ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di.
Haý­dar Fer­man ku­raş spor­tu­nyň dün­ýä­de çalt dep­gin­de ös­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu sport hö­wes bil­dir­ýän­le­riň sa­ny­nyň Azi­ýa, Af­ri­ka, Ýew­ro­pa we Ame­ri­ka yk­ly­myn­da yzy­gi­der­li art­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem ol ku­raş spor­tu­ny Okea­ni­ýa ýurt­la­ryn­da hem giň­den wa­gyz et­mek ug­run­da ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­di.
Me­dia fo­rum­da çy­kyş eden Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry An­na­sä­het Ka­ka­ýew dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ýer­li we da­şa­ry ýurt met­bu­gat ne­şir­le­rin­de giň­den wa­gyz et­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­di.
Ol dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek­di­gi ba­ra­da­ky wi­deo­film­le­riň taý­ýar­la­nyp, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar bir­le­şi­gi, “Eu­ro­news”, “Mir 24” ýa­ly dün­ýä­niň ab­raý­ly köp san­ly te­le we met­bu­gat se­riş­de­le­rin­de ýaý­ly­ma ber­len­di­gi­ni bel­le­di.
Şeý­le hem ol Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýa­ryş­la­ry­nyň ýur­du­my­zyň we dün­ýä­niň köp san­ly ýur­du­nyň te­le­ýaý­lym­la­ryn­da gö­ni ýaý­lym­da al­nyp be­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Çem­pio­na­tyň ýa­ryş­la­ry bol­sa 27-28-nji no­ýabr gün­le­rin­de ge­çi­ri­ler. Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň tut­lu­şyk­la­ry­ny gö­ni ýaý­lym­da üç dil­de — türk­men, rus we iň­lis dil­le­rin­de tes­wir­le­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Şu ge­zek­ki dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýa­ryş­lar ag­ram de­re­je­le­ri­niň 15-si bo­ýun­ça ge­çi­ri­ler. Her ag­ram de­re­je­sin­de 1 al­tyn, 1 kü­müş we 2 bü­rünç me­dal gow­şu­ry­lar. Şeý­le­lik­de, baý­rak­ly orun­la­ryň je­mi 60-sy bo­lar.
Şu gün ag­şam Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­dä­ki Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Tut­lu­şyk­lar 27-28-nji no­ýabr­da Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­ler.