Şu ýylyň 10-njy iýunynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde öz işine başlan “EKSPO-2017” Bütindünýä sergisine 3 aýyň dowamynda 2,5 million adam tomaşa etmäge geldi. Bu barada “Astana EKSPO-2017” milli kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmetžan Esimow ýurduň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen bolan duşuşygynda belläp geçdi.
“Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçirilýän halkara forumyň işine şu wagta çenli 106 ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Olaryň hatarynda 19 sany döwlet Baştutany, 16 sany Premýer-ministr we olaryň orunbasarlary, 11 sany parlament ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, 60 sany ministr we olaryň orunbasarlary bar. 10-njy iýundan bäri serginiň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň milli günleriniň 68-si geçirildi.
Halkara sergi öz işini şu ýylyň 10-njy sentýabrynda tamamlaýar. Şeýle halkara derejesindäki sergi Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilýär. Astana şäherindäki “EKSPO” sergisine 115 döwlet we 22 halkara gurama gatnaşýar. Bu sergini guramak üçin 1,3 milliard dollar sarp edildi.
Türkmenistan “Astana EKSPO-2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyp, halkara forumyň çäklerindäki iň uly diwarlyga eýedir. Türkmenistanyň “Tebigat – energiýanyň egsilmez çeşmesi” atly milli ekspozisiýasy halkara serginiň baş şygary bilen utgaşyp gidýär. Onuň eýeleýän meýdany 1 müň inedördül metre deňdir. Ýurdumyzyň diwarlygy Gruziýanyň, Özbegistanyň hem-de Angolanyň diwarlyklaryna goňşy bolup dur.