Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň sun­gat mü­di­ri we baş di­riž­ýo­ry Re­sul Gy­ly­jow Rus­si­ýa­nyň «Sankt-Pe­ter­burg GDA-nyň me­de­ni paý­tag­ty — 2023» döw­le­ta­ra mak­sat­na­ma­sy­nyň ýa­py­ly­şy üçin Sank-Pe­ter­bur­ga ça­gy­ryl­dy.
Şu çä­re my­na­sy­bet­li D.D.Şos­ta­ko­wi­çiň ady­ny gö­ter­ýän Sankt-Pe­ter­burg aka­de­mi­ki fi­lar­mo­ni­ýa­sy­nyň uly za­lyn­da SSSR-iň halk ar­tis­ti, so­wet we rus di­riž­ýo­ry Ýu­riý Te­mir­ka­no­wyň ha­ty­ra­sy­na Rus­si­ýa­nyň halk ar­tis­ti, «Ar­ka­la­şy­gyň ýyl­dyz­la­ry» baý­ra­gy­nyň eýe­si Ser­geý Skrip­ka­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da GDA ýaş­lar sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da kon­sert ge­çi­ril­di.
«Türk­me­nis­tan: Al­tyn asyr» web saý­ty­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, azer­baý­jan­ly Mur­za­ta Bul­bul, Gyr­gy­zys­ta­nyň we­ki­li Ra­hat Os­mo­na­li­ýew we wa­tan­da­şy­myz Re­sul Gy­ly­jow di­riž­ýo­ryň sah­na­syn­da çy­kyş et­di­ler. Or­kestr bi­len bi­le­lik­de meş­hur ope­ra­lar­dan ari­ýa­lar we an­sambl­la­ry ýaş so­list­ler – Uly te­at­ry­nyň ýaş­lar mak­sat­na­ma­sy­na gat­na­şy­jy­lar, şeý­le hem Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­na we­kil­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
«Sankt-Pe­ter­burg GDA-nyň me­de­ni paý­tag­ty — 2023» mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de me­de­ni­ýet­le­riň ara­syn­da­ky gep­le­şik­le­ri ös­dür­mek we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dü­şü­niş­me­gi go­wu­lan­dyr­mak üçin fes­ti­wal­lar, ser­gi­ler, kon­sert­ler we beý­le­ki me­de­ni çä­re­ler gur­nal­dy we ge­çi­ril­di.
Fi­lar­mo­ni­ýa­da ge­çi­ri­len ag­şa­my­nyň esa­sy wa­ka­sy «GDA-nyň Me­de­ni­ýet paý­tag­ty» di­ýen hor­mat­ly adyň Sa­mar­kant şä­he­ri­ne (Öz­be­gis­tan) be­ril­me­gi bol­dy.