17-24-nji noýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň iň uly kino forumy – «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň uly göwrümli «Daragt» filmi festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkezildi.
24-nji noýabrda bolsa, halkara kinofestiwalynyň ýapylyş hem-de onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol dabarada Türkmenistana wekilçilik eden «Daragt» filmi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň «Serhetsiz kino» atly nominasiýasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy.
Halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek hem-de medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky ýörite baýraklary GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow gowşurdy.
Mälim bolşy ýaly, «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly bir hepdäniň dowamynda Belarusyň dürli şäherlerinde geçirildi. Oňa üstümizdäki ýylda 107 döwletden 2087 sany çeper film hödürlendi.
Türkmen režissýory S. Baýramowyň «Daragt» filmi türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berýär. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe adamsyny urşa ugradan baş gahryman Näzik ondan bäri ençe ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar.