Ozal habar berşimiz ýaly, 23 — 25-nji noýabr aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Birnäçe medeni çäreleri öz içine alan ýurdumyzyň Medeniýet günleri dostlukly ýurtda hem üstünlikli hem-de guramaçylykly geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde geçirilen Türkmenistan döwletimiziň Medeniýet günleriniň ilkinji güni ýurdumyzyň amaly-haşam sungat eserleriniň, hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Şol gün medeniýet we sungat ussatlarymyzyň konserti hem geçirildi.
Medeniýet günleriniň ikinji günde iki dostlukly ýurtduň ýazyjydyr şahyrlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagynda gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda iki ýurduň alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň many-mazmuny, umumadamzat gymmatlygy barada, şol sanda şahyryň döredijiligini öwrenmek boýunça alymlar tarapyndan birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.
Mundan başga-da, Yspyhan şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde «Istärin» hem-de «Gyzyl kürte» ýaly filmler hem dabara gatnaşyjylara görkezildi. Ýurdumyzyň Yspyhanda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde medeniýet we sungat işgärleri Yspyhan şäheriniň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklerine, medeni ojaklaryna gezelenç etdiler.