Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň tut­lu­şyk­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di.
Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­dä­ki 5 müň orun­lyk Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­na 53 döw­let­den köp san­ly tür­gen baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­mek üçin bäs­leş­ýär­ler.
Ýa­ry­şyň bi­rin­ji gü­nün­de er­kek­le­riň ara­syn­da 90 kg, 100 kg we +100 kg ag­ram­da ýa­ryş­lar ge­çi­ri­lip dur. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da bol­sa, 48 kg, 52 kg, 57 kg, 63 kg we 70 kg ag­ram­da ýa­ryş­lar gu­ral­ýar.