28-30-njy noýabr aralygynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan – 2023» atly halkara sergisi geçirildi.

Hal­ka­ra ser­gi oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da di­ňe bir ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni be­ýan et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, bu pu­dak­da iş­jeň orun eýe­le­ýän işe­wür dü­züm­le­riň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri­niň 90-a go­la­ýy bu ýer­de öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Ýur­du­my­zyň Oba ho­ja­lyk, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­lik­le­ri bi­len bir ha­tar­da, Azer­baý­jan­dan, Eý­ran­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Mol­do­wa­dan, Ni­der­land­lar­dan, Rus­si­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den we Öz­be­gis­tan­dan gat­na­şy­jy­lar hal­ka­ra ser­gi­de öz di­war­lyk­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­dy­lar. Olar­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we nou-hau­la­ra üns çe­kil­di.
Tür­ki­ýä­niň kom­pa­ni­ýa­la­ry dür­li gap­laý­jy ma­şyn­la­ry­ny, iým­le­ri ga­ryş­dyr­mak üçin gu­ral­la­ry­ny, eki­ji, ýy­gy­jy, ideg edi­ji teh­ni­ka­la­ry­ny, ösüm­lik ýa­gy­ny ön­dür­ýän ma­şyn­la­ry­ny, gu­ra­dy­jy ul­gam­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy­lar. Rus­si­ýa­ly te­le­ke­çi­ler ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň, mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­nyň gur­lu­şy­gyn­da ula­nyl­ýan hä­zir­ki za­man gur­luş­la­ry we eko­lo­gi­ýa ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­ri bi­len ser­gä gat­na­şy­jy­la­ry ta­nyş­dyr­ýar­lar. Dam­ja­la­ýyn su­wa­ryş ul­gam­la­ry, ekin­le­ri go­ra­mak üçin mi­ne­ral dö­kün­ler, to­hum­la­ryň we önüm­le­ri gap­la­ma­gyň, ola­ry bel­gi­le­me­giň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýan da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­le­riň di­war­lyk­la­ry aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Döw­le­te da­hyl­syz ul­ga­myň yk­dy­sa­dy­ýet­de eýe­le­ýän or­nu­nyň bar­ha art­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di.
Ser­gi­de «Le­biz plas­tik», «Ýe­di­do­gan Nur», «Ga­ra­gum», «Top­rak» kär­ha­na­la­ry öz ön­dür­ýän gap­la­ma önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ni we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly olar öz iş­le­ri­ni bar­ha kä­mil­leş­dir­ýär­ler. Ser­gi­de «Ar­ça­lyk», «Sa­da suw» hu­su­sy kär­ha­na­la­ry­nyň, «Ýa­kym­ly kü­müş su­wy» we «Mah­mal Zip» ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri­niň aras­sa agyz suw­la­ry­nyň, te­bi­gy gök-bak­ja, mi­we şi­re­le­ri­niň köp gör­nü­şi hö­dür­le­nil­ýär. Şeý­le-de «Pa­ra­hat» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň bel­li «Joş», «Eçil» ha­ryt ny­şan­ly mi­we suw­la­ry, so­wuk çaý­la­ry, şöh­lat­la­ry, ça­ga iý­mit­le­ri, uzak möh­le­te ni­ýet­le­nen süýt önüm­le­ri, ýer­li te­bi­gy önüm­ler­den taý­ýar­la­nan po­mi­dor go­ýalt­ma­sy­nyň we ket­çu­byň dür­li gör­nüş­le­ri bar. Süýt önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän «Sa­ha­bat­ly» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ýa­ly bel­li kär­ha­na­lar ser­gi meý­dan­ça­syn­da öz ha­ryt­la­ry­ny gör­kez­di. «Şer­bet Mar­ket», «Halk Mar­ket» dü­kan­la­ry hem di­war­lyk­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­dy­lar.
Ulu­la­ryň hem-de ça­ga­la­ryň söý­gü­li ta­gam­la­ry­ny ön­dür­ýän «Er­te­ki» ha­ryt ny­şan­ly doň­dur­ma önüm­le­ri ser­gä gel­ýän­ler üçin aý­ra­tyn özü­ne çe­ki­ji bol­dy. «Ha­sar», «Tä­ze aý», «Me­kan», «Kil­wan», «Bars», «Al­tyn şöh­le» ýa­ly hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň we ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri­niň di­war­lyk­la­ryn­da süý­ji-kö­ke önüm­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Şeý­le-de bu ýer­de baý­ram­çy­lyk be­ze­gin­dä­ki çö­rek we çö­rek önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­ýär. Di­war­lyk­lar­da döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­na bö­lü­nip ber­len eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­de hem-de ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len mi­we, gök-bak­ja önüm­le­ri­niň köp gör­nüş­le­ri­ görkezildi.
Umu­man, bu ser­gi ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mä­ge, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len iş­ler­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga tä­ze iter­gi ber­jek mö­hüm wa­ka­dyr.