Oýnawaçlar çagalyk dünýäsiniň aýrylmaz bir bölegi bolup, ukyp-başarnyklaryň ösmegine we kämilleşmegine, täze zatlary öwrenmäge ýol açýar. Oýnawaçlaryň agaçdan, plastmassadan, metaldan ýasalandygyna ýa-da matadan tikilendigine garamazdan, bularyň ählisiniň
hem aýratyn orny bar. Soňky ýyllarda çişirilip oýnalýan rezin oýnawaçlar, şeýle hem sökülip-ýygnalýan güýmenjeler has-da ýörgünli boldy. Oýnawaçlary yzygiderli oýnamak bilen güýmenje esbaplarynda hapadyr mikroblar hem toplanýar. Bu saglyk üçin zyýanly bolup, oýnawaçlary wagtly-wagtynda ýuwmak ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamak gerek. Eýsem, oýnawaçlary nädip arassalamaly?
Ýumşak oýnawaçlar. Köplenç «Sütükli oýunjaklary nädip arassalamaly?» diýen sorag ýüze çykýar. Ýumşak oýnawaçlaryň allergiýa döredip bilýändigi sebäpli, olary tiz-tizden arassalamaga üns bermeli. Esasan hem, matadan tikilen sütükli oýunjaklary arassalamak örän möhümdir. Mata oýnawaçlary ýönekeý usulda sabyn köpürjigini çalyp, elde ýuwup arassalap bolýar. Ulularyň kömegi bilen bu oýnawaçlary kir ýuwujy maşynda hem ýuwup bilersiňiz. Munda üns bermeli esasy zadyňyz oýnawaçdaky artykmaç zatlary maşyna salmazdan öň aýyrmakdyr. Mysal üçin, döwülmegi mümkin bolan zatlar, lentaly bezeg, düwmeler we ş.m. Oýnawaçlary kir ýuwujy maşynda 1 sagatdan gowrak arassalamak, şeýle hem bäbekler üçin niýetlenen ýuwujy serişdeleri ulanmak maslahat berilýär. Oýnawaçlar ýuwlandan soň doly guraýança garaşmaly. Howa şertine laýyklykda Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde, batareýalaryň öňünde guradyp bilersiňiz. Emma ütüklemek maslahat berilmeýär. Içinde batareýalar bolan oýnawaçlary ýuwup bolmaýar. Bu batareýaly oýnawaçlary köpürjikli ýa-da çygly mata bilen süpürmek ýerlikli hasaplanýar.
Plastik oýnawaçlar. Beýleki oýunjaklara garanyňda plastmassadan ýasalan oýnawaçlary arassalamak has aňsat. Bu oýnawaçlary ilki esgi ýa-da çotga bilen arassalamaly. Munuň üçin çygly antibakterial süpürgiç hem ulanyp bilersiňiz. Soňra süpürilen oýnawaçlary gaýnadylan suwda azyndan 5 minut saklamaly. Gowy edip ýuwup, suwy syrygar ýaly gurak ýerde goýmaly.
Agaç ýa-da metal oýnawaçlar. Agaçdan ýa-da metaldan ýasalan oýnawaçlary suwa çümdürip ýuwmak maslahat berilmeýär. Munuň deregine çygly esgi ýa-da gubka bilen süpürmek iň gowy usullaryň biridir. Bu oýnawaçlaryň her bölegini aýratynlykda arassalamaly. Munuň üçin ulanylmaýan diş çotgasyndan peýdalanyp bilersiňiz. Ýyly suwa ýuwujy serişde damdyryp, köpürjik etmeli. Diş çotgasy bilen köpürjik sürtüp, oýnawajyň gaty kiçi böleklerini hem arassalap çykmaly. Soňra wagt ýitirmän gury mata bölegi bilen süpürmeli. Agaç ýa-da metal oýnawaçlary gowy guratmagy ýatdan çykarmaň! Şeýle ýagdaýda oýnawajyň poslamagynyň ýa-da çişmeginiň öňüni alyp bolýar.
Ata-enelere maslahat
Bilermenler bäbekleriň oýnawaçlaryna ata-eneleriň has ünsli çemeleşmegini maslahat berýärler. Bäbekler 2 ýaşa çenli ösüş döwründe gören zadyny dişläp görýärler. Onuň nämedigine düşünmek isleýärler. Şol sebäpli bäbekler üçin rezin oýnawaçlary saýlamaly. Rezin oýnawaçlary gaýnadylan suwda dowamly arassalap durmaly. Kiçi ýaşly çagalar köplenç oýnawaçlaryň ýuwulmagyna (gark bolmagyna) ýalňyş düşünip bilerler. Olaryň duýgularyna oňaýsyz täsir etmegi hem mümkin. Şol sebäpli ata-eneler oýnawaçlary ýuwmazdan ozal, çagalaryň öz dilinde oýunjaklaryň «suwa düşýändigini» we «ýuwunýandygyny» düşündirmeli. Bu çagalar üçin gyzykly bolup, soňabaka körpejeleriň özleri hem höwesine ýerine ýetirip bilerler. Çagaňyzyň oýnawaçlaryny agzy gapakly gutularda saklamaga üns beriň! Şeýle hem körpejelere oýnawaçlary ertirki gün hem oýnamalydygyny düşündirip, ýerli-ýerinde ýygnap goýmagy endik etdiriň!
Çagalaryň saglygy – oýnawaçlaryň tämizligi bilen.