Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Ýygyndyny terjime etmegiň üstünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň alymlary işledi diýip, türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Ýygyndynyň köpçülige ýetirilmegi «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi» atly ylmy-medeni maslahatyň çäklerinde guraldy. Çäre «Hindistan – Merkezi Aziýa» gaznasynyň we Nýu-Delidäki Hindi halkara merkeziniň goldaw bermeginde geçirildi.
Ýylyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň alymlary nusgawy şahyryň eserlerini hindi diline terjime etmegiň üstünde irginsiz zähmet çekdiler. Munuň bilen ugurdaş şahyryň goşgularyny beýleki dillere, şol sanda Merkezi Aziýa respublikalarynyň milli dillerine terjime etmek işleri alnyp baryldy.