Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek hem-de top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­laryny or­naş­dyr­mak döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
In­no­wa­si­on ösüş­ler ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ulag pu­da­gyn­da-da ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da şu ýy­lyň 25-nji aw­gus­tyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­den hem gör­mek bol­ýar. Mej­li­siň bar­şyn­da jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­da ýol tö­le­gi­ni tö­le­me­giň aw­to­mat­laş­dy­ryl­an ul­ga­my­ny tap­gyr­la­ýyn gur­na­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Mu­nuň özi ýo­lag­çy­lar üçin hyz­mat­la­ryň giň gör­nü­şi­ni ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ýol üçin tö­leg elekt­ron ulag kart­la­ry hem-de tö­leg ter­mi­nal­la­ry­na bar­maz­dan bank tö­leg kart­la­ry­nyň üs­ti bi­len ama­la aşy­ry­lyp bil­ner. Şu mak­sat bi­len jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­da tö­leg ka­bul edi­ji en­jam (wa­li­da­tor)—tö­le­gi bar­la­mak üçin ni­ýet­le­nen en­jam otur­dy­lar. Kart­la­ryň ha­sa­by­ny ýö­ri­te­leş­di­ri­len sa­tuw no­kat­la­ryn­da dol­du­ryp bo­lar.
***
Gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň
tä­ze tas­la­ma­sy
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­syn­da gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­na hem uly orun de­giş­li­dir. Bu pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň üs­ti tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ly döw­re­bap önüm­çi­lik des­ga­la­ry bi­len ýe­ti­ril­ýär. Ýe­ne-de bir tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­nil­ýär. Ony Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Gy­ýan­ly şä­her­çe­si­niň go­la­ýyn­da gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Bu top­lum 2 mil­liard kub metr te­bi­gy ga­zy hem-de 117 müň ton­na nat­riý hlo­ri­di­ni gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Bu ýer­de ýyl­da 390 müň ton­na po­lip­ro­pi­len, 200 müň ton­na pes dy­kyz­lyk­ly çy­zyk­ly po­lie­ti­len, 100 müň ton­na po­li­wi­nilh­lo­rid, 82 müň ton­na ka­us­tik so­da, 10 müň ton­na duz kis­lo­ta­sy hem-de 10 müň ton­na su­wuk hlor ön­dü­ri­ler.
Bu iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­ny da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan ge­lip gow­şan tek­lip­ler sel­je­ril­ýär.