Gazagystanyň Ulag ministrligi ýurduň logistika kompaniýalarynyň Ýewropa ýük daşanlarynda Günorta ulag geçelgesini peýdalananlarynda erkin üstaşyr geçişi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralary bilen gepleşikleri geçirdi.
Bu çäreler Belarus-Litwa we Latwiýa serhetlerinde gazak ulaglarynyň eglenýän wagtynyň artmagy sebäpli geçirilýär.
Soňky ýyllarda Gazagystandan Ýewropa ýurtlaryna harytlary eksport we import etmekde oňyn ýörelgeler kemala getirildi. Şunuň netijesinde Hytaýdan üstaşyr ýükleriň mukdary iki esse artdy.
Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi Gazagystanyň ulag düzümleriniň daşaýan ýükleriniň Eýranyň üsti bilen Pars aýlagynyň portlaryna we BAE-den Hindistana we Pakistanyň ýük transport bazaryna girip bilmek meselesiniň üstünde işleýär. Bu barada tca.gov.tm habar berýär.