Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyzda täze okuw ýyly bosagada dur. Ýurdumyzy 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralary gurşap aldy. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guralar. 1-nji sentýabr güni mekdebiň gapysyndan ilkinji gezek ätlän ýaş türkmenistanlylara asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berler.
Ýola goýlan asylly däbe görä, gurluşygy tamamlanan birnäçe täze desgalaryň ulanmaga tabşyrylmagy bu baýramçylyga gabatlanyldy. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň binalary bar.
Şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabat şäherinde 3 sany 600 orunlyk, 2 sany 720 orunlyk, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda 500 orunlyk orta mekdepleri açylar.
Täze açyljak Jemagat hojalygy instituty şu ýyl ýokary we orta hünärment okuw mekdepleriniň giriş synaglary döwründe-de dalaşgärleriniň köplügi bilen tapawutlandy. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlup, ulanmaga taýýar edilen täze ýokary okuw mekdebinde gurluşyk we binagärlik; tehnologik maşynlar we enjamlar; energetika; dizaýn; pudagyň kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; ýaşaýyş-durmuş howpsuzlygy, tebigaty abadanlaşdyrmak we daşky gurşawy goramak; kompýuter tehnologiýalary ýaly ýedi ugurdan hünärmenler taýýarlanylar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň eýýamymyz ylmy-tehniki pikiriň okgunly ösmeginiň döwri bolup durýar. Munuň özi bilimleriň, tehnologiýalaryň, magaryfyň we döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüş derejesi bilen şertlendirilendir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy iş tejribesini ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, ýagny tutuş bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň esasy ugurlary hünärleşdirmekden, kompýuterleşdirmekden, okuwlary tehnologiýalaşdyrmakdan, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmakdan ybaratdyr.
Hut şu maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzda çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy dowam edýär, täze ýokary okuw mekdepleri açylýar, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegine aýratyn üns berilýär.
Nobatdaky täze okuw ýylyna hem işjeň taýýarlyk görüldi. 1-nji awgustdan başlap, sebitleriň ählisinde- iri we kiçeňräk söwda merkezlerinde “mekdep bazarlary” işledi. Tekjelerde dürli bezegli kanselýariýa harytlarynyň, gündelikleriň, depderleriň, surat albomlarynyň ençeme görnüşi bar. Özi-de mekdep harytlaryny, şeýle hem dürli ýaşdaky çagalara niýetlenen sport we mekdep eginbaşlaryny şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek ägirt uly çäräniň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bezeýär.