ýmit sanawymyzda iň köp sarp edilýän önümleriň biri hem mesgedir. V asyrda Irlandiýada öndürilmäge başlanan bu önümiň önümçiligi XIX asyryň birinji ýarymynda Russiýada ýola goýulýar. Mesgäni köpleriň halaýanlygy ýöne ýerden däldir. Ol öz düzüminde ösümlik ýagynyň hiç birinde bolmadyk A witaminiň uly mukdaryny saklaýar. Mesge görüş we bedeniň gorag ulgamy üçin zerur bolan A witaminiň üstüni ýetirýär.
Bulardan başga-da, onda D, K, E, РР witaminleri, şeýle hem, B toparynyň ähli witaminleri bolup, bedende oňat özleşýärler. Bu witaminler süňkleriň ösmegi, dişleriň, saçyň, deriniň sagdynlygy we nerw ulgamynyň işjeňligi üçin örän zerurdyr. Şeýle hem mesge düzüminde 40 göterim doýgun däl olein kislotasyny hem-de 150 sany dürli ýag kislotalaryny saklap, olaryň 20-si tapylgysyzdyr. Şonuň ýaly hem arassa mesgäniň düzüminde beloklar, uglewodlar, kaliý, kalsiý, demir, marganes, magniý, mis, fosfor, natriý we sink bar. Mesgäniň düzüminde kaloriýanyň köp mukdary saklanýar. Onuň bary-ýogy 1 gramynda 7,29 Kkal bolup, eger-de bedene köp düşse, semizlige alyp baryp bilýär.
Mesge garyn-içege kesellerinde örän peýdalydyr. Ol toplumlaýyn ýardam berýär: A witamini ownuk aşgazan başlaryny tiz bitirýär. Onuň düzümindäki olein kislotasy düwnük howpuny hem pese düşürýär. Mesge çagalaryň akyl işjeňligine, sapaklara ýetişikliligine düýpli täsir edýär. Onuň peýdalysy garyndysyz, arassa görnüşi bolup, ony aram ýagdaýda ulanmalydyr. Sygyr süýdünden taýýarlanan mesge aram ýagdaýda iýilse, saglyk üçin diýseň peýdalydyr. Onuň düzüminde holesteriniň uly mukdary saklanyp, aram ýagdaýda ulanylmazlygy ýürek-damar ulgamynda päsgelçilik döredip biler. Mesge satyn alanyňyzda onuň daşyndaky ýazgylary dykgatly okaň! Iň gowy mesgäniň ýaglylygy 80-85 göterimden pes bolmaly däldir. Onuň gündelik iýilmeli mukdary 20 gramdan geçmese, göwnejaý hasaplanýar.