Saud Arabystany Patyşalygy bilen Hytaý Halk Respublikasy 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum gaznasyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Saud Arabystanynyň energetika ministri Halid al-Falid habar berýär.
Gaznanyň hasabyna maliýeleşdirilen maýa goýum taslamalaryndan gazanylan girdeji ýurtlaryň arasynda deň paýlanar. Gazna goşmaça 11 işewürlik şertnamasynyň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar. Taslamalaryň bahasy 20 milliard dollar töweregi bolar.
Şu ýylyň mart aýynda Hytaý bilen Saud Arabystanynyň arasynda 65 milliard dollar möçberinde 14 ylalaşyga gol çekildi. Taraplar ylym-bilim, infrastruktura, energetika we kosmos ugurlarynda hyzmatdaşlygyny giňeldýär.