Pakistanda geçirilen 6-njy uçdantutma ilat ýazuwynyň netijesine görä, ýurduň ilatynyň sany 200 milliondan gowrak boldy. Bu barada ýurduň Döwlet statistika edarasy habar berýär. Bu görkeziji 1998-nji ýylda geçirilen 5-nji uçdantutma ilat ýazuwyndan 57 göterim köpdür, şeýle hem ilatyň tebigy köpelişi her ýyl ortaça 2,4 göterim artypdyr.
Maglumata görä, Pakistanda 208 million adam ýaşaýar, onuň 132 milliony obalarda ýaşap, ol hem ýurduň umumy ilatynyň 64 göterimine deňdir. 76 million adam bolsa, şäher we şäherleşen etraplarda ýaşaýar. Bu görkeziji umumy ilatyň 36 göterimini düzýär.
Ýurduň welaýatlarynyň hatarynda iň köp ilatlysy Penjabdyr. Bu ýerde 110 million adam ýaşaýar we umumy ilatyň 53 göterimine deňdir. Sind, Haýber-Pahtunhwa hem-de Belujistan welaýatlarynda degişlilikde 48 million, 31 million hem-de 12 million adam ýaşaýar. Ýurduň paýtagty Yslamabadyň ilatynyň sany 2 milliondyr.
Ýurduň metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, uçdantutma ilat ýazuwy 2016-njy ýylyň mart aýynda başlanypdy. Bu baradaky resmi maglumatlar indiki ýyl mälim ediler.