Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň iri sy­ýa­hat­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­sy “Expe­dia”-nyň baş­ly­gy Da­ra Hos­row­şa­hi “Uber” şe­re­ke­ti­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Mun­dan ozal, tu­tuş dün­ýä­de uly meş­hur­lyk­dan peý­da­lan­ýan on­laýn (in­ter­net ar­ka­ly) tak­si hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­ýan “Uber” kom­pa­ni­ýa­sy­na Tre­wis Ka­la­nik baş­lyk­lyk ed­ýär­di. Onuň we­zi­pe­si­ni tab­şyr­ma­gy bi­len, bu iri kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­ly­gy­na bir­nä­çe adam da­laş et­di. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy dü­zü­mi da­laş­gär­le­riň ara­syn­dan “Expe­dia” sy­ýa­hat­çy­lyk fir­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny bu we­zi­pä my­na­syp gör­di.
Tre­wis Ka­la­nik we işe­wür Ger­ret Kem­pom 2009-njy ýyl­da “Uber” kom­pa­ni­ýa­sy­ny dö­re­dip­di. Eda­ra bi­na­sy San-Fran­sis­ko­da ýer­leş­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy iýun aýyn­da we­zi­pe­si­ni tab­şy­rdy.
“Uber” kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň 80-den gow­rak ýur­du­nyň 500 iri şä­he­rin­de tak­si hyz­ma­ty­ny ama­la aşyr­ýar. Adam­lar öz yk­jam te­le­fo­ny ar­ka­ly tak­si sar­gyt edip bil­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da bu kom­pa­ni­ýa öz hyz­ma­ty bo­ýun­ça uly meş­hur­ly­ga eýe­dir we ma­ýa­dar­la­ryň hem ün­sü­ni çek­ýär. Onuň hyz­ma­ty­nyň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi üçin dür­li iri kom­pa­ni­ýa­lar ma­ýa goý­ýar­lar. Dün­ýä­niň dür­li şä­her­le­rin­de kompaniýanyň 1 mil­li­on­dan gow­rak ula­gy hyz­mat ed­ýär.