In­ter­net ar­ka­ly söw­da amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän dün­ýä bel­li “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy “Who­le Foods Mar­ket” söw­da mer­kez­le­ri top­lu­my­ny sa­tyn al­dy. Bu ba­ra­da “Who­le Foods” kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­ýär. Ge­le­şik ta­mam­la­nan­dan soň­ra, bu söw­da mer­ke­zi­niň ha­ryt­la­ry­nyň ba­ha­sy bir­ne­me ar­zan­la­dyl­dy. Kä­bir azyk önüm­le­ri­niň ba­ha­sy 43 gö­te­ri­me çen­li pe­sel­di.
Şu ýy­lyň iýun aýyn­da “Ama­zon”-yň “Who­le Foods” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň söw­da top­lum­la­ry­ny 13,7 mil­liard dol­la­r ber­gi­le­ri bi­len bi­le­lik­de sa­tyn al­jak­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Ge­le­şi­giň şert­le­ri­ne gö­rä, her bir gym­matba­ha­ly ka­gyz­lar üçin 42 dol­lar tö­len­di.
“Ama­zon” dün­ýä­niň in­ter­net ar­ka­ly söw­da amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iň iri kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Ol ABŞ bi­len bir ha­tar­da Bra­zi­li­ýa, Hin­dis­tan, Ka­na­da, Hy­taý, Mek­si­ka, Ýa­po­ni­ýa we Ýew­ro­pa­nyň bir­nä­çe ýurt­la­ryn­da iş alyp bar­ýar. “Ama­zon.сom” in­ter­net dü­ka­ny 1994-nji ýy­lyň iýul aýyn­da işe girizildi.
“Who­le Foods Mar­ket” kom­pa­ni­ýa­sy 1978-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da top­lum­la­ryn­da dür­li azyk ha­ryt­la­ry sa­tyl­ýar.