Şotlandiýadan, Germaniýadan we Şwesiýadan bolan halkara alymlar topary ýokary derejede berk materiallary döretmekde öňegidişlik gazandy. Olar gatylygy boýunça diňe almazdan birneme pes bolan uglerod nitridlerini aldylar. Bu ugurdaky barlaglaryň netijeleri “Advanced Materials” ylmy žurnalynda neşir edildi.
Toparyň açyşy, 1980-nji ýyllarda başlanan uglerod nitridleri bilen geçirilen synaglaryň netijesinde ýüze çykdy.
Barlag geçirijileriň aýtmagyna görä, täze materiallary senagat maksatlary bilen awtoulaglar we kosmos enjamlary üçin gorag örtüklerinde, Gün panellerinde, fotodetektorlarda we ýokary derejede berk kesiş gurallarynyň önümçiliginde ulanmak bolar.