Halkara energiýa agentligi kömre bolan islegiň şu ýyl dünýäde rekord derejä ýetip biljekdigini mälim etdi. Gazylyp alynýan energiýa serişdesiniň bu görnüşine bolan isleg 2026-njy ýyldan başlap azalyp ugrar. Bu barada taýýarlanan maglumatda üstümizdäki ýylda kömre bolan islegiň 1,4 göterim artyp, 8,5 milliard tonna ýetjekdigi, bu görkezijiniň rekord boljakdygy bellenilýär. Ösen ýurtlarda bu energiýa serişdesine bolan islegiň azaljakdygy bellenilýär. ABŞ-da we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda kömre isleg 20 göterim azalar. Şeýle-de bolsa ösüp barýan ýurtlarda kömre islegiň artmagyny dowam etdirer. Kömre isleg dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda 8 göterim, Hytaýda 5 göterim köpeler. 2026-njy ýylda bolsa, 2023-nji ýyldakydan 2,3 göterim azalar. Bu azalyşa geljek üç ýylyň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiliginiň artmagynyň täsirli boljakdygy bellenilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýadaky ösüşiň ýarysy Hytaýa degişli bolar. Hytaýda kömre bolan isleg geljek ýyldan başlap azalar. Maglumata görä, isleg azalýan hem bolsa, 2026-njy ýyla çenli ýyllyk sarp edilýän kömür 8 milliard tonnadan ýokary bolmagyna galar.
Bagtygül Rahymowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakutetiniň mugallymy.