Häzirki wagtda “Apple” amerikan kompaniýasy dünýäniň iň gymmat kompaniýasy hasaplanýar. “iPhone” smartfonlaryny öndürmegi bilen tanalýan tehnologiýa ägirdiniň birnäçe paýdary bar. Bu kompaniýa birnäçe fiziki şahs we şereket eýeçilik edýär. Kompaniýanyň 7,96 göterimlik bölegi “Vanguard Group Inc.” toparyna degişli. Bu paý 1,2 milliard dollardan gowrak möçbere gabat gelýär. “BlackRock Inc.” kompaniýasy “Apple”-iň paýnamalarynyň 6 göterimine eýeçilik edýär. Meşhur işewür Worren Buffettiň eýeçilik edýän “Berkshire Hathaway Inc.” şereketi 5,73 göterimlik paýnama bilen üçünji orny eýeleýär. Kompaniýa ýolbaşçylyk edýän Tim Kukuň bolsa, 2 milliard dollarlyk paýy bar. Tehnologiýa ägirdi täze ýylyň ilkinji günlerinde eýeçiligi barada täze maglumaty hem ýaýradar.

Näzli Meredowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.