Italiýanyň Kubogy ýaryşynda çärýek finalçylaryň ýene-de 2-si belli boldy. “Atalanta” öz meýdançasynda “Sassuolodan” 3-1 hasabynda üstün çykdy. Gollaryň 2-sini 24-nji we 63-nji minutlarda De Ketelare, beýlekisini-de 71-nji minutda Mirançuk derwezä girizdi.

“Roma” bilen “Kremonese” toparlarynyň arasyndaky oýunda-da myhmanlar Sadjutyň 37-nji minutdaky goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda özüni dürsän rimliler Lukakunyň (77) hem-de Dibalanyň (85 p) gollary bilen ýeňşini baýram etdi. Soňky çärýek finalçy-da şu gijeki “Ýuwentus”-“Salernitana” duşuşygyndan soň belli bolar.

9-11-nji ýanwarda oýnaljak çärýek finalda “Fiorentina”–“Bolonýa”, “Milan”–“Atalanta”, “Lasio”–“Roma” hem-de “Ýuwentus”/“Salernitana”–“Frozinone” duşuşyklary geçiriler.