Horwatiýaly meşhur futbolçy Iwan Perişiç 18 ýyldan soň öz ýurdunda dolandy. “Tottenhamda” çykyş edýän 34 ýaşyndaky winger özüniň ýaşka çykyş eden kluby “Haýduk Split” bilen şertnama baglaşdy. Perişiç splitlileriň düzüminde möwsümiň ahyryna çenli kärendesine çykyş eder. Ol 2000-2006-njy ýyllar aralygynda “Haýduk Splitiň” çagalar toparynda oýnapdy.
Professional karýerasyna Fransiýanyň “Soşo II” toparynda başlan Perişiç Belgiýanyň “Roeselare”, “Klub Brýugge” klublarynda, soňra Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” hem-de “Wolfsburg” toparlarynda, Italiýanyň “Inter” klubunda, 1 möwsüm kärendesine “Bawariýa” toparynda oýnady. 1,5 möwsümden bäri-de “Tottenhamda” çykyş edip gelýän Perişiç möwsümiň ahyrynda erkin agent ýagdaýynda “Haýdyk” toparynda galyp biler.