1924-nji ýy­lyň 25-nji ýan­wa­ryn­da Fran­si­ýa­nyň Şa­mo­ni şä­he­rin­de il­kin­ji gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ba­dal­ga al­ýar. Sport bäs­le­şi­gi­ne 16 ýurt­dan 250-den gow­rak tür­ge­niň gat­naş­ma­gy onuň şow­ly ne­ti­je ber­me­gi­ne ge­tir­di. Finl­ýan­di­ýa­ly hem-de nor­we­gi­ýa­ly tür­gen­ler je­mi 28 me­dal ga­za­nyp, beý­le­ki äh­li ýur­duň tür­gen­le­rin­den köp me­dal ga­zan­dy­lar. Il­kin­ji al­tyn me­da­la 500 met­re kon­ki­li typ­mak­da ABŞ-ly Çarlz Jot­rou my­na­syp bol­dy. En­tek 11 ýa­şyn­da bo­lan nor­we­gi­ýa­ly Son­ýa He­ni bol­sa gyz­la­ryň ara­syn­da fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak ýa­ry­şy­na gat­naş­ýar. Iň soň­ky or­ny eýe­län­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, kör­pe tür­gen köp­le­riň ara­syn­da meş­hur bol­ýar. 1920-nji ýyl­da Ant­wer­pen­de (Bel­gi­ýa) ge­çi­ri­len ýa­ryş­da me­dal ga­za­nan şwe­si­ýa­ly Ýil­lis Grafstr­ýom, er­kek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak ýa­ry­şyn­da al­tyn me­dal ga­zan­ýar. Şeý­le­lik­de hem gyş­ky, hem to­mus­ky olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da al­tyn me­dal ga­za­nan il­kin­ji tür­gen bol­ýar.