Angliýanyň “Premier Ligasynyň” öňdebaryjy toparlaryndan “Liwerpulyň” tälimçisi, germaniýaly hünärmen Ýurgen Kloppuň möwsümiň ahyrynda wezipeden gitjekdigini mälim etmeginden soň, şeýle habar “La Ligadan” hem gelip gowuşdy. 22-nji tapgyryň çäginde öz meýdançasynda “Wilýarrealdan” 5-3 hasabynda utulan “Barselona” toparynyň tälimçisi Hawi hem möwsümiň ahyrynda katalonlardaky wezipesinden gitjekdigini aýtdy. Ol: – 30-njy iýunda klubdan gidýärin. Bu barada klubuň başlygy we beýleki ýolbaşçylar bilen gelen gutarnykly netijämiz. “Barselona” toparyna täzeçillik gerekli. Her näme-de bolsa möwsümi şowly tamamlarys diýip umyt edýärin. Özümden öň klubuň aladasyny etmeli. Meniň gelen netijämiň oýunçylara, umuman topara kömegi deger diýip pikir edýärin. “Barselonanyň” öňüne böwet bolmak islämok. Žoan Laporta sagbolsun aýdýaryn. Ol diýseň ajaýyp adam – diýip, beýanat berdi.

Ol “Wilýarrealdan” 5-3 hasabyndaky ýeňlişden soň bar günäniň özündedigini belläp, gazanaýmaly 3 utugy hem öz ýalňyşlyklary sebäpli elden giderendiklerini aýtdy.