Haýwanat dünýäsi tebigatyň täsinliklere baý bölegi bolup, Ýer ýüzünde janly-jandarlaryň 2 milliondan gowrak görnüşi ýaşaýar. Haýwanlaryň käbiri endemik häsiýete eýe bolsa, käbiri ähli ýerde diýen ýaly duş gelýär. Käbiri bolsa göçüp-gonup, dünýäniň köp ýerine aýlanýar. Jandarlaryň käbiri yssyny gowy görýän bolsa, käbiri suwda ýaşamagy halaýar. Olaryň arasynda gyş paslyny gowy görýänlerem bar. Käbir jandarlaryň tebigatda ajaýyp görnüşi emele getirýän garly meýdanlarda, aşa sowuk howada ýaşamagy köpleri haýran galdyrýar. Gazetimiziň şu sanynda garly ýerde ýaşaýan jandarlaryň käbiri barada gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Polýar aýylary. Arktikanyň syrgynlap duran garly şertlerinde ýaşaýan iň uly ýyrtyjylaryň biri bolan «gar jandarlarynyň şasy» hasaplanýan polýar aýysynyň galyň ak sütügi aşa sowukda üşemän saklanmaga mümkinçilik berýär. Bu jandarlaryň uly penjeleri buzda ýöremegini aňsatlaşdyryp, garyň içinden awuny tapmagyna ýardam edýär. Ak aýylar balykdyr beýleki deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler. Uly göwresine garamazdan uzak aralyga ýüzüp bilýän polýar aýylarynyň boýy 3 metre, agramy 700 kilograma çenli ýetýär.
Arktika tilkisi. Ýer togalagynyň iň agyr şertlerinde ýaşap bilýän jandarlaryň biri hem arktika tilkisidir. Bu jandarlar diňe bir «ussat alpinistler» bolman, eýsem, howanyň temperaturasy
-70 derejä çenli peselýän ýerlerde hem arkaýyn aw edip bilýärler. Arktika tilkisiniň aşa sowukda ýaşap bilmeginiň syry nämedekä? Bu jandarlaryň tüýjerip duran ak sütügi sowukdan we çygdan goranmaga mümkinçilik berýär.
Gar baýguşy. «Arktika baýguşy» diýlip hem atlandyrylýan gar baýguşy Uzak demirgazykdaky garly tundralarda aw etmäge ökde ýyrtyjy guşlaryň biridir. Bu guşuň ak ýelekleri «gar bilen garyşyp», awuny aňsatlyk bilen awlamagyna mümkinçilik berýär. Ganatlary 1,5 metre çenli uzalýan gar baýguşy buzly depelere aňsatlyk bilen çykýar. Arktika baýguşy baýguşlaryň iň uly görnüşi hasaplanýar.
Karibu. Täze ýyl baýramçylygy barada gürrüň gozgalanda «uçýan sugunlar» hem agzalyp geçýär. Sowuk ýurtlarda ýaşaýan karibular owadan şahlary bilen ünsi özüne çekýär. Aşa sowuga çydamly bu jandarlar sowuk sebitlerde ulag maly hökmünde hem peýdalanylýar. Skandinaw ýurtlarynda suguna goşulan tirkegde gyş tebigatyny synlamaga mümkinçilik berýän syýahatçylyk merkezleri hem bar. Bu jandarlaryň täsin ýeri, tomsuna toýnaklary giňelýär, gyşyna bolsa buz gatlaklaryndan iýmit gazyp almak üçin ýygrylyp, daşy berk buýnuz bilen örtülýär.
Arktika möjegi. Möjegiň bu görnüşi iň sowuk we kyn şertlerde ýaşap bilýär. Arktika möjekleri gar we buz bilen örtülen giňişlikde uwlaşyp, ýaşamak üçin zerur bolan aragatnaşyk ulgamyny döredýärler. Bu jandarlaryň ýasy penjesi we barmagyndaky sütükleri buzda we garda arkaýyn ýöremegine ýardam edýär.
Imperator pingwini. Antarktidanyň nyşany hasaplanýan imperator pingwinleri aşa sowukda ýaşaýan guşlaryň biridir. Pingwiniň bu görnüşiniň ýelekleriniň düýbi ýag gatlagy bilen örtülen bolup, aşa sowukdan we ýelden goranmagyna mümkinçilik berýär. Imperator pingwinleri sowukdan goranmak üçin biri-birine ýakyn, topbak bolup, gyslyşyp durýarlar. Pingwinler bu usuly, esasan hem, çagalaryny aşa sowukdan goramak üçin ulanýarlar.
Ermine. Gemrijileriň bir görnüşi bolan ermine garly ýerde ýaşaýan ýyrtyjylaryň biridir. Gaýalaryň we agaçlaryň düýbünde hin gazýan ermineler syçandyr beýleki ownuk jandarlar bilen iýmitlenýärler. Bu gemrijileriň ak sütügi garyň üstünde aňsatlyk bilen aw etmäge mümkinçilik berýär.
Gar gaplaňy. Owadan çalymtyl-ak sütükli bu gaplaňlara «dag arwahlary» hem diýilýär. Uzynlygyna öz göwresiniň alty essesi aralyga böküp bilýän gar gaplaňlary Merkezi Aziýanyň dag gerişlerinde duş gelýär. Bu ýyrtyjylar Tibet goýny, dag towuklary bilen iýmitlenýärler. Şeýle-de towşan we guş hem awlaýarlar. Häzirki wagtda gar gaplaňlarynyň sany 10 müň töweregi bolup, ýyl-ýyldan azalýandygy bellenilýär.
Arktika towşany. Bu eýjejik jandarlaryň sütügi gyşyna ak bolup, ýazyna goňur reňke öwrülýär. Gysga gulakly Arktika towşany agaçlaryň köki, goza we käbir ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Ak towşanlar iýmit tapmak üçin gary köwüp, ösümlikleriň köküni iýmek üçin hinleri hem gazýarlar. Ýüwrük jandarlaryň biri bolan Arktika towşanlary sagatda 65 kilometr tizlik bilen ylgap bilýärler.