Germaniýanyň “Volkswagen” awtoulag kärhanasy emeli aň gurşawynda çözgütlere ünsi jemlejek täze kompaniýany esaslandyrdy. VW eýýäm halkara IT kompaniýalary bilen emeli aň önümleriniň üstünde bilelikde işlemek barada deslapky gepleşikleri geçirýär. Bu barada “Interfax” habar berýär.
“AI Lab” adyny alan täze kompaniýanyň döredilmegi IT pudagy bilen hyzmatdaşlygy ýönekeýleşdirmäge we tehnologiýanyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berer diýlip, VW kompaniýasynyň habarynda bellenilýär.
“Biz müşderilerimize emeli aňyň kömegi bilen hakyky goşmaça bahany hödürlemek isleýäris. IT kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk biziň üçin örän möhüm. Biz geljekde guramaçylyk we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy ýönekeýleşdirmek isleýäris” – diýip, VW-niň baş ýerine ýetiriji direktory Oliwer Blýum aýtdy.
VW sözleýşi tanamak tehnologiýalarynda we emeli aňyň kömegi bilen elektroulaglaryň zarýad alşyny kämilleşdirmek ýaly beýleki hyzmatlarda aýratyn mümkinçiliklere eýedir.