BMG-niň agza döwletleriniň 29-sy bu resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etdiler, olaryň hatarynda Owganystan, Azerbaýjan, Argentina, Belarus, Braziliýa, Hytaý, Çili, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Ekwador, Gonduras, Fransiýa, Gruziýa, Ýaponiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Marokko, Panama, Peru, Rumyniýa, Sudan, Günorta Koreýa, Siriýa, Täjigistan, ABŞ, Urugwaý, Özbegistan we beýlekiler bar.
Jarnama laýyklykda, BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň agza ýurtlary bosgunlaryň hem-de bosgunlaryň toparlarynyň iri halkara sport çärelerine gatnaşmagyny goldaýarlar, olar ilkinji gezek Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde 2016-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna, 2017-nji ýylyň 4-13-nji awgusty aralygynda Londonda geçirilen ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna, indi bolsa, Türkmenistanda dabaraly ýagdaýda dowam edýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde aýratyn uly ähmiýetli Jarnamany kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy ynsanperwer meseleleriniň çözülmeginde barha uly orny eýeleýändigini dünýä bileleşigine ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Türkmen Lideri “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabarada gutlag sözünde Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek bosgunlaryň sport toparynyň gatnaşýandygynyň aýratyn buýsançly wakadygyny belledi. “Biz sporta, halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan hukugyň hemmelerde, şol sanda emele gelen ýagdaýlar sebäpli, öz milli baýdaklary astynda çykyş edip bilmeýän türgenlerde hem bolmalydygyna ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bu barada dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň ynsanperwer resminamasy köpsanly daşary ýurtlaryň hökümet we adam hukuklary ulgamynda halkara bilermenleri tarapyndan giň goldaw tapdy.
Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah “Aşgabat 2017”-niň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Aziýanyň Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek bosgun türgenleriň toparlarynyň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, onuň ýokary ähmiýetini nygtady. BMG-niň Sport boýunça müdiriýetiniň Bosgunlaryň işi baradaky utgaşdyryjysy Klaude Marşal ýurdumyzyň başlangyjyny “örän täsirli” diýip atlandyrdy hem-de beýleki döwletleri bu göreldä eýermäge çagyrdy.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda döwletimiziň eýeleýän ornuna ýokary baha bermek bilen, türkmen tarapynyň sporta durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Ýelena Panowanyň makalasynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtalýar. BMG-niň ýurdumyzdaky missiýasynyň baştutany bosgunlaryň toparynyň oýunlara gatnaşmaga çagyrylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip, bu çözgüdiň durmuşyň ähli ulgamlarynda deň derejeli mümkinçilikleriň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, munuň 2030-njy ýylyň Gün tertibiniň “hiç kim unudylmaly däldir” diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini aňladýandygyny belledi.
Elbetde, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi sebit hem-de dünýä ösüşiniň möhüm wezipeleriniň, şol sanda ynsanperwer we durmuş meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Watanymyzyň belent halkara abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.