Şu ýylyň 10-njy iýunynda öz işine başlan Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki ýöriteleşdirilen “EKSPO-2017” Bütindünýä sergisi 10-njy sentýabrda tamamlandy. “Astana EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň çäklerinde 6 müňden gowrak dürli çäreler geçirildi. “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçirilen bu halkara forum tutuş Ýer şarynyň intellektual we tehnologik mümkinçiliklerini açyp görkezdi. 3 aý dowam eden serginiň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 140-a golaý ylmy işläp düzmeler köpçülige hödürlendi. Ol hem häzirki wagtda tutuş dünýäde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Mundan başga-da, bu sergi arassa energiýanyň ählumumy derejede ösdürilmegi üçin täze itergi boldy.
2017-nji ýylyň 10-njy iýuny – 10-njy sentýabry aralygynda geçirilen halkara sergä 3,8 milliondan gowrak adam tomaşa etmäge geldi.
10-njy sentýabrda işini tamamlanan “Astana EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisine Türkmenistan hem gatnaşdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli sergisine gelen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerinden ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de ýurdumyz bilen energetika pudagynda, senagatda, nebit-gaz ulgamynda, ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli teklipler gelip gowuşdy. Türkmen halkynyň taryhy, milli we tebigy baýlyklary barada gürrüň berýän gymmatlyklar hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky maglumatlar sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.