Özbegistan Respublikasynda palaw taýýarlamakda rekord goýuldy. “Guinness World Records” kompaniýasynyň wise-prezidenti Riçard Stenning bu ýurtda 7,36 tonna palaw taýýarlanandygyny mälim edip, munuň özboluşly bir rekord bolandygyny aýtdy hem-de degişli şahadatnamany gowşurdy.
Taslamanyň awtorynyň aýtmagyna görä, “Daşkendiň toý palawy” “Özbegim” milli medeniýet festiwalynyň çäklerinde 50 aşpeziň gatnaşmagynda 6 sagadyň dowamynda taýýarlandy. Bu tagamy taýýarlamak üçin 1,500 kg sygyr eti, 400 kg goýun eti, 220 kg goýun ýagy, 1900 kg tüwi, 2700 kg käşir, 220 kg sogan, 440 litr ösümlik ýagy, 350 litr suw we 57 kg duz ulanyldy. Şeýle hem onuň has tagamly we daşky görnüşi babatda göze ýakymly bolmagy üçin 190 kg kişmiş, 2 kg gara burç goşuldy. Şu ýylyň awgust aýynda bolsa, bu ýurtda 6 tonna barabar palaw taýýarlanypdy.