Singapurda ilkinji zenan Prezident wezipesine girişdi. Ýurduň ozalky Mejlisiniň başlygy Halima Ýakob ýeke-täk dalaşgär boldy we biragyzdan Singapuryň 8-nji Prezidenti wezipesine saýlandy. Şeýle hem ol ýurduň ilkinji zenan döwlet Baştutany boldy. Bu barada saýlaw toparynyň ýolbaşçysy habar berdi. Singapuryň ilkinji Prezidenti Inçe Ýusuf Bin Ishak malaý jemgyýetiniň agzasydyr. Şondan soňra malaýlardan hiç kim döwlet Baştutany wezipesine saýlanmady. Şonuň üçin ýurduň hökümeti indiki döwlet Baştutanynyň malaýlardan saýlanjakdygyny mälim etdi. Malaý jemgyýetiniň 3 dalaşgärinden diňe Halima Ýakob saýlaw toparynyň saýlawlara gatnaşmaga hukuk berýän degişli şahadatnamasyna eýe boldy.
63 ýaşyndaky Halima Ýakob kasam kabul edip, prezidentlik wezipesine girişdi. Ol 2001-nji ýylda syýasy giňişlikde işlemäge başlady. 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda parlamentiň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy we bu wezipä-de saýlanan ilkinji zenan maşgala boldy.