Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dünýäniň iň iri Gün elektrik bekediniň taslamasynyň gurluşygyna girişildi. Bu barada emirligiň “The National” neşiri habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, elektrik bekediniň kuwwat-lylygy 700 megawata deň bolar. Gün şöhlelerini has köp kabul etmek üçin desganyň beýikligi 260 metre barabar bolar. Ol energiýanyň arassa çeşmesinden peýdalanmak üçin gurulýan iň iri desgalaryň birine öwrüler.
Desganyň gurluşygy üçin halkara bäsleşik yglan edildi. Şonuň netijesinde Saud Arabystanynyň “Acwa Power” hem-de Hytaýyň “Shanghai Power” kompaniýalar topary ýeňiji diýlip yglan edildi. Gurluşygyň umumy bahasy 3,9 milliard dollara deňdir.
Dubaý emirliginiň maksatnamasyna görä, energiýanyň arassa çeşmesiniň paýy 2025-nji ýylda 25 göterime, 2050-nji ýylda 75 göterime deň bolmalydyr.