Şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň köp wekilçilikli edarasy hasaplanýan Baş Assambleýanyň nobatdaky 72-nji mejlisi öz işine başlady. Indiki ýylyň sentýabr aýyna çenli dowam etjek mejlisiň çäklerinde köpsanly dürli derejedäki ýygnaklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisine slowakiýaly diplomat Miroslaw Laýçak ýolbaşçylyk edýär.
19-njy sentýabrda bolsa, BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş binasynda Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisiniň çäklerinde umumy syýasy pikir alyşmalar başlady. Onuň çäklerinde 100-den gowrak döwlet we hökümet Baştutanlary hem-de ýokary derejeli döwlet wekilleri çykyş ederler. Gurama agza ýurtlaryň ýolbaşçylary durnukly ösüş, howanyň üýtgemegine garşy göreş we beýleki durmuş maksatly meseleler boýunça pikir alşarlar.
Umumy mejlisiň başynda Baş sekretary Antoniu Guterreş BMG-niň işi barada her ýylky hasabaty bilen çykyş etdi. Soňra Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisiniň başlygy Miroslaw Laýçak çykyş etdi. Umumy ýygnagy geçip, ilki bilen Braziliýanyň Prezidenti Mişel Temer çykyş etdi. Onuň yzysüre bolsa, mejlisiň geçirilýän ýurdunyň ýolbaşçysy – ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çykyşy diňlenildi. Soňlugy bilen dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen döwlet ýolbaşçylary çykyş etmegini dowam etdirýärler. Bu ýygnak 25-nji sentýabra çenli dowam eder.