Russiýa Federasiýasynyň iri nebit kompaniýasy “Rosneft” 2017-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýa 40 million tonna golaý nebit eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Igor Seçin habar berýär. Meýilnama 31 million tonna barabardy.
– 2017-nji ýylda biziň hasabymyza görä, 40 million tonna nebit iberiler. Bu örän ýokary netijedir – diýip, Igor Seçin belledi.
Şu ýylyň ýanwar aýyndaky maglumata görä, “Rosneft” 2017-nji ýyl boýunça 31 million tonna golaý nebit ibermegi maksat edinýärdi. Rus kompaniýasy şu ýylyň fewral aýynda Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamanyň möhletini uzaltmak hakynda goşmaça ylalaşyga gol çekişdi. 2017–2023-nji ýyllar aralygynda nebit satuwy dowam etdiriler. “Rosneft” 2005–2016-njy ýyllar aralygynda Çyn-Maçyna 95 milliard dollar möçberinde 186 million tonna nebit eksport etdi.