Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa motor we çalgy ýaglaryny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Pakistanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, ýüpek çig maly, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 619 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, polipropileni, el halylaryny, nah ýüplügi we nah matalary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 23 million 269 müň manatdan gowrak boldy.