ABŞ-nyň Florida ştatynyň Neýpls şäheriniň etegindäki üç jaýdan we 3,6 gektar ýer böleginden ybarat toplumyň eýeleri, ony 295 million dollara satmagy ýüregine düwdiler. Eger-de bu toplum bu bahadan geçse, ABŞ-da häzire çenli satylan iň gymmat jaý bolar. Bu barada “The Wall street Journal” habar berdi.
Hünärmenleriň belleýşi ýaly, şeýle baha toplumyň üýtgeşik mekanda – Meksika aýlagynyň kenarynda ýerleşýändigi, jaýyň we ýer böleginiň möçberi hem-de gaýyklar üçin niýetlenen kiçeňräk aýlagynyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Muňa garamazdan, jaýyň bellenen bahadan arzan geçmegi hem ähtimal. Soňky ýyllarda pesinden iki jaý – Los-Anjeles etrabyndaky “Casa Encantada” willasy we “milliarderleriň köçesi” diýlip atlandyrýan Nýu-Ýorkuň naýbaşy etrabyndaky penthaus 250 million dollara satuwa çykaryldy. Ýöne soňra olaryň bahasy 195 million dollara çenli pese gaçdy. Häzirki wagtda rekord şertnama – 2019-njy ýylda şol “milliarderleriň köçesindäki” 240 million dollara satylan penthousdyr.