2012-nji ýyldan bäri 14-nji fewral Halkara kitap sowgat etmek güni (International Book Giving Day) hökmünde bellenilýär. Bu gün, esasan hem, çagalara kitap sowgat berilýär. Halkara derejede bellenilýän günler ýa-da şanly seneler BMG ýa-da beýleki edaralar tarapyndan kesgitlenýär. Garaz, her bir bellenilýän senäniň taryhy bar. Emma kitap sowgat etmek gününi döretmek pikirini bolsa, adaty bir adam – amerikaly çagalar ýazyjysy Emmi Brodmur orta atýar. Brodmur çagalar kitaplaryna bagyşlanan web saýtyny hem döredýär. Üç çaganyň enesi bolan Brodmura bolsa bu pikiri çagalarynyň biri berýär. Bir gün ogly Brodmurdan näme üçin adamlaryň bir-birine kitap sowgat edýän gününiň ýokdugyny soraýar. Zenan ýazyjy bolsa, bu barada bloggerlerden, jemgyýetçilik toruny ulanyjylardan, saýtynyň hyzmatdaşlaryndan we işdeşlerinden sorap, 14-nji fewralyň kitap sowgat bermek güni hökmünde bellenilmegi pikirini orta atýar.
Kiçijik çaganyň ejesine beren sowaly, ejesiniň bolsa bu barada tagalla etmegi netijesinde halkara seneleriň biri döreýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda dünýäde millionlarça adam bu günde birek-birege kitap sowgat edýär.