Los-Anjelesiň kazyýeti aktrisa Merilin Monronyň ömrüniň soňky günlerinde ýaşan jaýynyň ýykylmagyny gadagan etdi. Bu barada “Bloomberg” agentligi habar berýär.
Agentligiň maglumatlaryna görä, kazyýet 2-nji sentýabrda karar çykardy. Arza berenler jaýyň goralýan statusyny ýatyrmaga synanyşdylar, ýöne kazy Los-Anjeles häkimiýetleriniň aktrisanyň öýüni taryhy ýadygärlik hökmünde ykrar etmeginiň dogry hasaplaýandygyny aýtdy.
Jaýyň täze eýeleri binany ýykmak islediler. 2023-nji ýylda ýeri we jaýy 8,35 million dollara satyn alyp, abadanlaşdyrmak maksady bilen ony ýykmakçy boldular. Bu iş üçin rugsat hem alyndy, ýöne aktrisanyň muşdaklary, taryhçylar we şäher ilaty jaýyň ýykylmagyna garşy kampaniýa başlady. Netijede, şäher geňeşi binany 2024-nji ýylda taryhy ýadygärlik hökmünde ykrar edensoň, jaýyň eýeleri bu karara kazyýetde garşy çykmaga synanyşdylar.
Agentligiň belleýşi ýaly, Monro bu jaýy 1962-nji ýylyň başynda satyn alyp, şol ýylyň awgust aýynda aradan çykýança ol ýerde ýaşapdy.
Merilin Monro (hakyky ady Norma Jin Mortenson) 1926-njy ýylda Los-Anjelesde dünýä inýär. Ol döredijilik karýerasyna model hökmünde başlaýar, ýöne gysga wagtda kinostudiýalaryň ünsüni özüne çekýär we 1946-njy ýylda filmlerde surata düşüp ugraýar. Şowly karýerasy netijesinde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we janköýerleriň ünsüni çekip, aktrisa geçen asyryň iň parlak ýyldyzlarynyň birine öwrüldi.