Amerikanyň deňiz robototehnikasy ulgamynda ýöriteleşen “Clippership” kompaniýasy, ýeliň güýji bilen hereket edýän, uzynlygy 24 metr bolan adaty bolmadyk pilotsyz ýük gämisiniň taslamasyny tamamlaýar. Bu gämi uglerod kompozitinden ýasalan iki sany eplenýän gaty ganatlar bilen enjamlaşdyrylar. Bu ganatlaryň adaty mata ýelkenlerinden iki esse netijeli boljakdygy habar berilýär. Gämi adamyň gatnaşmagyny minimal derejä düşürip, transatlantik ýüzüşleri amala aşyrmak üçin niýetlenendir.
Bellik etmeli zat, howa akymlarynyň gönüden-göni täsiri bilen däl-de, aerodinamika kanunlaryna esaslanyp itekleýji güýç döredýän ýelken-ganatly ýük gämileriniň dünýäde ilkinji synaglary mundan iki ýyl ozal geçirilipdi. Şonda ýelken-ganatlar içinden otlanýan hereketlendirijilerden doly ýüz öwürmezden, ýangyç tygşytlamagyň usuly hökmünde özüniň netijeliligini subut etdi. Emma “Clippership” taslamasy başgaçarak çemeleşmäni hödürleýär – ol pilotsyz ýük gämisiniň hereketlendiriji güýji hökmünde doly ýele daýanmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýa bu gäminiň taslamasyny “Dykstra Naval Architects” we “Glosten” ýaly gämi arhitekturasy ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde işläp düzýär. Gäminiň gurluşygy üçin Niderlandlaryň “KM Yachtbuilders” gämi gurluşyk zawody bilen şertnama baglaşyldy. Taslama deňiz gatnawy gözegçiligi boýunça degişli guramalar tarapyndan tassyklanyldy. Gämi Malta baýdagynyň astynda ýüzer. Onuň 2026-njy ýylyň ahyrynda suwa goýberilmegine garaşylýar, şondan soň bolsa Atlantik ummanyny kesip geçmek ýaly ähli taraplaýyn synaglar başlanar.
Bu gäminiň göwrüminiň kiçidigini we aýratyn ýükleri daşamak üçin niýetlenendigini bellemek gerek. Onuň ýük bölümi howa şertlerine gözegçilik edilýän (klimat-kontrolly) goragly giňişlikde 75 sany ýewropalleti ýerleşdirmäge niýetlenendir.
Taslamanyň öňde goýan esasy maksady – ýel energiýasyny ulanmagyň hasabyna deňiz gatnawlarynda zyýanly galyndylary ep-esli azaltmak, şeýle hem awtonom gämileriň netijeliligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdyr. Bu ädim, aýratyn-da adaty konteýner daşaýjy gämileriň ykdysady taýdan bähbitli bolmadyk az möçberli ýükleri üçin durnukly logistika tarap goýlan möhüm ädimdir.